Ukraina ysraýylly neşe söwdagärini we oňa kömek etmekde güman edilýän üç ofiseri tussag etdi
Amos Dow Silwer ”biziň ýurdumyzyň regionlarynyň birinde ele salyndy” diýip, howpsuzlyk gullugy öz websaýtynda aýtdy.
Beýanatda aýdylmagyna görä, ol ýakyn wagtda, häzirki kanunçylyk esasynda ekstradisiýa ediler.
Güman edilýän ysraýyllynyň Kiýewdäki Borispil aeroportunda “ekstradisiýadan sypmak üçin” gaçmagyna kömek etmekde güman edilýän üç howpsuzlyk ofiseri hem tussag edildi diýip, Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy aýtdy.
Silver mart aýynda tussag edildi. Ol hamala Telegramdaky ýaşryn habarlaşmak mümkinçiliklerini ulanmak bilen, Birleşen Ştatlary, Ukrainany, Ysraýyly we Germaniýany öz içine alýan neşe söwdasyna ýolbaşçylyk etmekde aýyplanýar.
Ysraýyl polisiýasy bu guramanyň dolanyşygynyň onlarça million dollara barabardygyny aýdýar.