Gibraltar Eýranyň supertankeriniň taýýar bolan dessine gidip biljekdigini aýtdy
Gibraltaryň baş ministriniň eden bu çykyşy, Eýranyň supertankeriniň ekipaž agzalarynyň ABŞ-nyň wiza gadagançylygyna sezewar edilip bilinjekdigi barada Birleşen Ştatlaryň ýaýradan beýanatynyň yzýanyna gabat geldi.
15-nji awgustda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Morgan Ortagus “Grace1” gämisiniň Waşingtonyň “terrorist gurama” diýip hasaplaýan Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary güýçlerine ýardam berýändigini aýtdy.
“Munuň Grace1 gämisi bilen ilteşikli islendik adam üçin çynlakaý netijeleri bolup biler” diýip, Ortagus aýtdy.
Mundan ozalky habarlarda “Grace1” gämisinde, hususan-da, Hindistanyň, Pakistanyň we Ukrainanyň raýatlaryndan ybarat 28 işgäriň bardygy aýdylypdy.