Stoltenberg: Krymyň basylyp alynmagy “uly güýçleriň arasyndaky bädeşligiň” netijesi boldy
Ol bu barada 5-nji awgustda Täze Zelandiýanyň Wiktoriýa uniwersitetindäki Strategiki barlaglar merkezinde eden çykyşynda aýtdy.
Stoltenberg uly güýçleriň arasyndaky bäsdeşligiň artmagy bilen birlikde, NATO ýaranlygynyň terrorizm we kiber howpsuzlygy ýaly ýagdaýlar bilen hem ýüzbe-ýüz bolýandygyny sözüne goşdy.
Stoltenberg Krymyň “bikanun basylyp alnandygyny” aýdyp, munuň “2-nji Jahan urşundan soň Ýewropada bir ýurduň beýleki bir ýurduň bölegini ele geçirmeginiň ilkinji ýagdaýy bolandygyny” hem nygtap geçdi.