Täjigistanda uly bolmadyk bir uçar heläkçilige uçrady
Russiýada öndürilen “Antonow An-2” kysymly uçar 4-nji awgustda, paraşýutçylaryň bir toparyny bellenilen ýere elteninden soň, paýtagt Duşenbeden 30 kilometr uzaklykdaky Fakhrabad türgenleýiş bazasyna gonuşy amala aşyrjak bolan pursady heläkçilige uçrady.
Täjigistanyň Harby Goldaw Jemgyýetiniň bir wekiliniň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatyna görä, uçaryň piloty keselhana äkidilip barýan pursady ýogalypdyr.
Täjik resmisi ikinji pilota medisina kömeginiň berilýändigini hem sözüne goşdy.
Resmi uçaryň hereketlendirijisiniň “näbelli sebäplere görä” işlemegini bes edendigini belledi.
Täjigistanyň resmi mediasy ýurduň Milli howpsuzlyk komitetiniň bu hadysa boýunça derňewe başlandygyny habar berdi.