Tramp we Zelenskiý telefonda gürleşip, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Trump we Zelenskiý 25-nji iýulda, “Birleşen Ştatlar bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklary, şol sanda energiýa we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollary” hakynda maslahatlaşmak üçin, telefonda gürleşdi diýip, Ak tamyň beýanatynda aýdylýar.
Heniz iki prezidentiň arasynda boljak ilkinji duşuşygyň anyk senesi aýdylmaýar, emma onuň Waşingtonda, tomus soňlanmanka boljagy çaklanýar.
21-nji iýulda bolan saýlawlar mahalynda Halkyň hyzmatkäri partiýasy parlament köplügini gazanandan soň, Zelenskiý Waşingtona özgerişlik üçin güýçli mandat bilen geler. Halkyň hyzmatkäri partiýasy garaşsyz Ukrainanyň taryhynda Rada kontrollyk edýän ilkinji partiýa boldy.
Tramp Zelenskiini bu gazanan üstünligi bilen gutlady diýip, Ak tam aýtdy.