BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň baş direktory 72 ýaşynda aradan çykdy
“Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň sekretariaty gynanç bilen, baş direktor Ýukiýa Amanonyň ýogalandygyny habar berýär” diýip, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň sekretariatynyň hatynda aýdylýar.
Sekretariatyň maglumatynda 72 ýaşyndaky Amanonyň nähili ýagdaýda aradan çykandygy barada maglumat berilmeýär.
Maglumatda Amanonyň mart aýynda wezipesinden çekilmek barada agentligiň Dolandyryjylar geňeşine hat ýazmagy planlaşdyrandygy aýdylýar. Onuň dört ýyl möhletli wezipesi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda tamamlanýardy.