Eýran CIA-iň içaly halkasy diýilýän bilen ilteşikli 17 şübheliniň tussag edilendigini aýtdy
Eýranyň Aňtaw ministrliginiň 22-nji iýulda beren maglumatyna görä, 18-nji iýulda Eýranyň howpsuzlyk gulluklary, olaryň sözüne görä, CIA-iň “içaly ulgamyny üstünlikli ýok etdi”.
“Käbirleri ölüm jezasyna, käbirleri-de uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi” diýip, ministrligiň ady köpçülige mälim edilmeýän bir resmisi aýtdy.
“Bu içalylar hususy pudagyň ykdysadyýet, ýadro, infrastruktura, harby we kiber ýaly täsirli we örän möhüm merkezlerinde işleýärdiler... Olar bu ýerde gizlin maglumatlary ýygnaýardylar” diýlip, Eýranyň Aňtaw ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.