Gazagystanda doglan amerikan raýaty YD üçin söweşmekde, tälim bermekde aýyplandy
ABŞ-nyň Adalat departamenti 19-njy iýulda 42 ýaşyndaky Ruslan Maratowiç Asainowyň Siriýanyň kürt ýolbaşçylygyndaky Demokratik güýçleriniň eline düşüp, ABŞ-a güýçlerine tabşyrylmazyndan öň bäş ýyllap YD üçin söweşendigini aýtdy.
Nýu-Ýorkdaky federal suduň prokurorlary Asainowyň 2013-nji ýylda ýaşaýan ýeri bolan Brooklinden ilki Türkiýä, soň ol ýerden Siriýa gidendigini, bu ýerde 2018-nji ýyla çenli söweşendigini aýtdylar.
Siriýada ol, aýdylmagyna görä, YD hatarlarynda mergen hökmünde ýokary galdy we soňra ýaraglar boýunça tälim beriji boldy.
Şeýle-de ol ekstremist topara adam, nöker toplamak synanyşyklarynda aýyplandy.