Tunisiň golaýynda gämileri çöküp, 80 migrant ölendir öýdülýär
"Gämi heläkçiligi Tunisiň kenarlarynda boldy, aman galan 4 adam halas edildi we Tunise getirildi. Olar özleriniň çişirme gämisinde 86 adamyň bolandygyny aýtdylar. 80 çemesi migrant ölendir öýdülýär” diýip, ol twitinde ýazdy.
Aman galan migrantlaryň biri biraz soň hassahanada jan berdi diýip, habarlarda aýdyldy.
Tapylmaýan migrantlaryň sany 82 diýip, HMG-nyň sözçüsi aýtdy.
Bu gämi Liwiýdan Italiýa tarap barýardy diýip, Tunisiň kenar goragçylary aýtdylar.
Liwiýa migrantlaryň esasy geçiş ýoly bolup durýar.
Maýda Tunisiň Sfaks şäheriniň alkymynda gämileri çöküp, azyndan 70 migrant heläk boldy.