Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistanlylaryň ýurtdan gitmek we dolanmazlyk islegleri artýar

Öz ýurduna dolanmakdan saklanýan türkmenistanlylaryň arasynda daşary ýurtlarda bilim alýanlaryň we gazanç edýänleriň sany artýar.


Munuň bilen bir wagtda-da, ýaşaýjylaryň ýurduň daşyna göçüp gidýän halatlary köpelýär. 


"Daşoguzda durmuş çydar ýaly bolmady. Örän köp adam, hatda döwlet wezipelerinde, polisiýada, häkimliklerde işleýän adamlar hem işini taşlap, gidýärler. Ýogsa, olaryň gazanjy, beýlekilere garanda ýaramaz däl. Emma şonda-da, ýaşamak üçin ýetmeýär" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 3-nji iýulda habar berdi.




"Türkmenistanyň Hronikasy" neşri, Türkmenistana dolanmak islemeýän Belarusdaky türkmen studentleri barada habar berýär. Neşriň bellemegine görä, ýurtdaky agyr işsizlik, korrupsiýa we daşary ýurt diplomlarynyň kabul edilmezligi muňa sebäp bolýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi mundan beýläk ykrar ediljek daşary ýurtly ýokary okuw jaýlarynyň çäklendirilen sanawyny çap edip, ýurduň raýatlarynyň daşary ýurt bilimini tassyklatmak işini has hem agyrlaşdyrdy.


Neşiriň 1-nji iýulda çap eden maglumatynda Belarusyň Mogilýow şäheriniň A.A.Kuleşow adyndaky döwlet uniwersitetini tamamlan türkmenistanlynyň ýagdaýy gürrüň berilýär. Ol resmi sanawda öz okan ýokary okuw jaýynyň adyny tapman, Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasyna ýüzlenipdir, emma anyk düşündiriş alyp bilmändir.


"Eger-de biziň ýokary okuw jaýymyz sanawda bolan bolsa-da, diplomy Türkmenistanda tassyklatmak üçin uly para bermeli bolardy. Gynansak-da, bu sistema şeýle işleýär. Emma mundan soňam meniň iş tapjagyma kepil ýok. Men türkmenistanly watandaşlarymyň ençemesi bilen gepleşip gördüm. Olardan hiç biri dolanyp barmak islemeýär we bu ýerde galmak, ýa-da başga ýurtlara göçüp gitmek üçin mümkinçilik tapmagyň aladasynda" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri Türkmenistanyň raýatyny sitirleýär. 







Mundan öň Azatlyk Radiosynyň habarçylary, şeýle-de daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň öz ýurduna dolanmakdan howatyrlanmagyna häkimiýetleriň olary yzarlamagynyň we ýurda getirmek boýunça soňky ýylda güýçlendiren çäreleriniň sebäp bolandygyny hem habar beripdi. 


​Soňky birnäçe aýda häkimiýet wekilleri daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlaryň maşgala agzalaryna jaň etmek, olary söhbetdeşliklere çagyrmak arkaly, jikme-jik maglumat bermegi talap etdiler. Şu ýylyň bahar aýlarynda ýaşlary ýaragly güýçlerde gulluk etmäge mejbur etdirmek bilen bagly ýagdaýlar köpeldi. Türkmenistana baran ýaşlar aeroportda tussag edilip, göni goşuna äkidildi, şeýle-de ýaşlaryň mekdebini doly tamamlamagyna garaşmazdan, olar köpçülikleýin goşuna alyndy.      


Şeýle-de, kanikul döwründe ýurduna baran türkmen ýaşlarynyň ençemesi soň okaýan ýurduna dolanyp bilmändi. Geçen okuw ýylynyň dowamynda türkmenistanlylaryň ýüzlerçesiniň Orsýetdäki, Täjigistandaky, Türkiýedäki we beýleki ýurtlardaky okuw jaýlarynda bilim almagyny dowam etdirip bilmändigi Azatlyga mälim boldy.







Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, bu ýagdaýda ene-atalaryň özleri çagalaryndan okuwy doly gutarýança Türkmenistana dolanmazlygy talap edýärler. 


Türkmenistanyň häkimiýetleriniň basyşlaryna daşary ýurtlarda işleýän türkmenistanlylar hem sezewar bolýarlar. Migrantlaryň Türkmenistandaky garyndaşlary soraga çekilýärler, ýurda dolanan migrantlar tussag edilýärler. Üstesine, ýurduň migrasiýa düzgünleri gitdigiçe pugtalandyrylýar we raýatlaryň halkara reýslerden köpçülikleýin düşürilmegi dowam etdirilýär. 


Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýa bilen bagly problemalary resmi derejede agzamaýar, sanlary köpçülige ýetirmeýär. Türkmen resmileri bu meselede Azatlyga kommentariý bermekden ençeme gezek ýüz öwürdiler.


Daşary ýurtlaryň resmi maglumatlaryna görä, Türkmenistandan gidýän adamlaryň sany gitdigiçe artýar. Türk resmileriniň sanlaryna görä, şu ýylyň martynda diňe bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň 23 müň çemesi raýaty Türkiýä barypdyr.


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmeleri soňky 10 ýylyň dowamynda ýurduň daşyna 1 million 879 müň adamyň çykandygyny habar berdiler. 







Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net