ÝB resmilerine tussaglykdaky gyrgyz aktiwistiniň boşadylmagy üçin basyş görkezilýär
Geçen aýda ÝB resmilerine iberilen we 1-nji iýulda jemgyýetçilige aýan edilen hatda toparlar 68 ýaşyndaky Askarowyň “saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy” bilen baglylykda onuň “nädogry tussaglygyndan” “çuňňur we gaýragoýulmasyz aladalaryny” bildirdiler.
Olar resmileriň “gyrgyz hökümeti bilen gürleşip, onuň gyssagly azatlyga goýberilmegi we medisina bejergisi üçin üçünji, howpsuz bir ýurda geçirilmegi boýunça tagalla etmeklerine” çagyrdylar. Bu çagyryş 7-nji iýulda Bişkekde, Gyrgyzystanyň paýtagtynda ÝB-Merkezi Aziýa duşuşygynyň geçirilmeginiň öň ýanynda edilýär.