Kabuldaky partlamada alty adam öldi; 115-isi ýaralandy
1-nji iýulda amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.
Bu aralykda, jeňçi toparynyň wekilleri – Owganystandaky dowam edýän 18 ýyllyk urşy tamamlamak maksady bilen – Katarda ABŞ-nyň resmileri bilen tertip üçünji gün gepleşikleri geçirýärdi.
Goranmak ministrligiň binasynyň golaýynda amala aşyrylan partlamadan soň, ençeme sagada çeken ok atyşyk hem ýüze çykdy. Jeňçiler goňşy binalardan gaçyp çykýan adamlary oka tutdylar.
Içeri işler ministrligi ähli bäş hüjümçiniň öldürilendigini habar berdi.