Kabulda partlama zerarly bir adam wepat boldy, onlarçasy ýaralandy
1-nji iýulda Owganystanyň paýtagtynda ýaragly adamlaryň we polisiýa wekilleriniň arasynda bolan söweşiň yzýany bolan partlamada azyndan bir adam wepat boldy we 100-den gowrak adam ýaralandy. Bu barada resmiler aýdýarlar.
Iki gün mundan öň Katarda ABŞ bilen Owganystandaky urşy tamamlamak barada gepleşikleriň täze tapgyryna başlan "Talyban" Kabulda bolan bu hüjüme özüniň jogapkärdigini aýtdy.
Owganystanda 18 ýyl bäri dowam edýän konflikt ýurduň taryhyndaky iň uzak uruş hasaplanylýar.
Kabuldaky partlama Puli Mahmood Han etrabynda günüň iň gyzgalaňly pursadynda bolup, töwerekde 2 kilometr uzaklykda ýerleşýän binalary sarsdyrdy diýlip, media maglumatlarynda aýdylýar.
Ýurduň Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Wahidullah Mayar bir adamyň wepat bolandygyny we 93 adamyň, şol sanda 9 çaganyň ýaralanandygyny AÝ/AR-na aýtdy.
Şol bir wagtda-da, Bilim ministrliginiň metbugat wekili Nooria Nažat partlamanyň bolan ýeriniň golaýynda ýerleşýän iki mekdepde 51 çaganyň ýarylan aýnalaryň döwüginden ýaradar bolandygyny habar berdi.
Polisiýanyň aýtmagyna görä, bomba Goranmak ministrliginiň golaýynda partlapdyr.