ABŞ-nyň harby güýçleri Owganystanda iki harbysynyň öldürilendigini aýdýar
ABŞ-nyň harby güýçleri tarapyndan ýaýradylan beýanatda waka bilen baglanyşykly ýagdaýlar barada jikme-jik maglumatlar berilmeýär. Bu wakanyň netijesinde şu ýylyň dowamynda ABŞ-nyň Owganystanda öldürilen harbylarynyň sany azyndan alty adama ýetdi.
Şeýle-de, beýanatda waka barada öldürilen esgerleriň maşgalalary habarly edilýänçä, olaryň şahsyýetiniň köpçülige mälim edilmejekdigi hem bellenilýär.
Geçen ýylyň sentýabryndan Birleşen Ştatlar 18 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän owgan konfliktiniň soňuna ýetmek üçin söweşiji topara gepleşikleri geçirmäge basyş edip başlady. Bu konflikt Birleşen Ştatlaryň taryhyndaky iň uzaga çeken uruşdyr.
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad “Talyban” topary bilen Kataryň paýtagty Dohada gepleşikleriň alty tapgyryny geçirdi.
Gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň 29-njy iýunda geçirilmegine garaşylýar.