New York Times: Tramp Eýrana harby zarba urmagy tassyklady, emma ‘birden’ missiýany goýbolsun etdi
“The Times” öýlän sagat 7-de (Praga wagty bilen 21-nji iýunda, ir sagat 1-de) Ak tamda bolan “intensiw maslahatlardan we çekişmeden” soň, harby we diplomat resmileriniň zarba urulmagyna garaşandyklaryny aýtdy.
Bu maslahat bilen baglanynşykly ýokary derejeli adminstrasiýa resmileriniň bir toparyna salgylanan gazetiň maglumatyna görä, maslahata Trampyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmileri we kongres liderleri gatnaşdy.
Resmiler Trampyň başda Eýrandaky birnäçe nyşana, şol sanda radar we raketa batareýalaryna harby zarba urulmagyny tassyklady diýip, “The Times” habar berdi. Habarda aýdylmagyna görä, zarba 21-nji iýunda, daň atmazynyň öň ýanynda urulmalydy.