Eýranly hukuk goraýjynyň global goldawyna 1 milliondan gowrak adam goşulýar
Ol jemi 38 ½ ýyl türme tussaglygyna we148 dürre urulmagyna höküm edildi. Düýbi Londonda ýerleşýän hukuk gözegçiligi guramasy onuň iki sud seljerişliginiň hem “juda adalatsyz” bolandygyny aýdýar.
Tussag edilmeginiň bir ýyllygyny belläp, “Amnesty International” 13-nji iýunda ýygnalan gollaryň dünýäniň çar künjegindäki eýran ilçihanalaryna gowşuryljakdygyny aýtdy.
Sotoudehiň tussag edilmedi “eýran häkimiýetleriniň repressiýasynyň näderejede çuňdygyny halkara arenasynda açyp görkezdi” diýip, guramanyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika bölüminiň barlaglar we wagyz direkdory Philip Lutheriň beýanatynda aýdylýar.
“Şu gün biz olara açyk habar iberýäris: dünýä seredýär we biziň kampaniýamyz Nasrin Sotoudeh azat edilýänçä dowam eder” diýip, Luther sözüniň üstüni ýetirdi.