Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşgabatda şeker bilen margarin satylýar, Maryda un üçin dil hat talap edilýär

Türkmen hökümetiniň ykdysady üstünlikleri yglan edip, beren nobatdaky hasabatynyň fonunda paýtagtyň we welaýatlaryň ilatynyň esasy azyk önümlerini satyn almakda kynçylyk çekmegi dowam edýär. 


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şu günler çäkli mukdarda satylýan şekeriň gapdalyndan möhleti geçen harytlar goşulyp satylýar. 




"Käbir dükanlarda, meselem "Laçyn" dükanynyň bir bölüminde 1 kilogram şekeriň gapdalyndan möhleti geçen margarini 2.5 manada goşup satýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 7-nji iýunda habar berdi.


Türkmenistanyň paýtagtynda gyt harytlaryň gapdalyndan geçmeýän harytlary goşup satmak tejribesi giňden ulanylýar. 


Mundan öň gyt azyk önümleriniň, şol sanda şekeriň ýany bilen üç paket arpa aşy, ýumurtga bilen bilelikde gazly suw we köke ýaly önümler goşulyp satylypdy. 







 


 


Häzirki wagtda paýtagtda döwletiň gözegçiligindäki dükanlaryň ençemesinde  şeker satuwda bolmaýar, satylan wagtynda uly nobatlar döreýär.


"Dükanlaryň ençemesinde birnäçe gün bäri şeker satmadylar, onuň skladda ýokdugyny aýtdylar, ýa-da baýramçylygy bahanaladylar. 5-nji etrapçadaky dükanda adamlar dükanyň howly tarapyndan gündiziň dowamynda köpçüligiň gözüniň alnynda Azerbaýjandan diýlen ýazgyly haltalara gaplanan şekeriň dükandan alnyp gidilendigini gördüler. Dükanda bolsa tiz wagtdan şeker gutardy diýildi. Bu ýagdaý köp ýerde göze ilýär, sebäbi şekeriň kommers bahasy 11-12 manat" diýip, habarçymyz aýdýar. 







Türkmenistanyň paýtagtynda soňky iki hepdä golaý wagt bäri şekeriň we tüwiniň nobatlary saklanýar. 


Döwlet dükanlarynda 7 manatlyk şeker bir adama bir kilogramdan köp satylmaýar, bazarlarda we hususy dükanlarda şeker satuwda bar, emma onuň bahasy 12 manada barabar. 


Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanyň Mary welaýatynda un gytçylygy saklanýar. Käbir etraplarda un satyn almak üçin ýaşaýjylar galp kagyzlara gol çekmäge mejbur edilýärler. 


"Marynyň etrap dükanynda 25 kilogram uny satyn alan alyja 50 kilograma gol çek diýdiler. Ol bolsa cekjek däl diýse, alyjy oňa haýbat atyp, çek diýipdir. Alyjy arz ederin üstuňizden diýse, nirä arzyň bolsa ýetir ýaşuly diýdiler" diýip, Marydaky çeşmämiz habar berdi.


Maryda un gytçylygy aprel aýynda başlandy. Käbir etrap dükanlarynda un birnäçe hepdeläp satylmady, käbir ýerlerde her adam başyna göz öňünde tutulan aýlyk un paýy gijikdirilip satyldy. 




Türkmenistanyň ilaty un we beýleki esasy azyk önümleriniň gytçylygy bilen 2017-nji ýylyň aýagyndan bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýär. 


Ýurduň ýolbaşçylary ýurtdaky ykdysady kynçylyklary açyk boýun almaýar. 6-njy iýunda türkmen hökümeti bäş aýyň ykdysady ösüşi barada hasabat berip, ösüşiň 6%-den ýokary bolandygyny we hususan-da haryt dolanyşygynyň 19,1 % artandygyny yglan etdi.


Emma synçylaryň bellemegine görä, saklanýan azyk nobatlary we umuman ýurtda döwletiň kesgitlän nyrhlaryndan azyk satýan ýörite dükanlaryň bolmagynyň özi ykdysady şertleriň oňuna däldigini we ilatyň alyjylyk mümkinçiliginiň örän gowşakdygyny görkezýär. 


"Döwlet dükanlarynyň üsti bilen hökümet öz ilatyna esasy azyk önümlerini elýeterli bahadan teklip edýär. Emma häzir bu bahalar milli puluň hümmetine garada, reallyga gabat gelmeýär. Şeýlelikde döwlet dükanlaryndaky nyrhlar, şol sanda şekeriň kesgitli bahasy hökümet üçin goşmaça çykdajylary göz öňünde tutýar. Muňa-da hökümetiň puly ýok, emma ol manadyň hümmetiniň gaçandygyny boýun alasy gelmeýär. Üstesine, hökümet genial lideriniň goly astynda ykdysady abadançylygy yglan eden ýurduň ilatyna ykdysady kynçylyklaryň näme üçin dörändigini nädip düşündirjegini bilmeýär" diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça synçysy Brýus Panniýer belleýär.


Häzirki wagtda Türkmenistanda azyk nobatlaryndan daşary, dermanhanalarda, banklarda nobatlar saklanýar. Ilat ýurduň daşyna we ýurduň içinde pul geçirmekde kynçylyklara we çäklendirmelere sezewar edilýär.  







Hökümet walýuta çalyşygyna berk gözegçilik edýär. 2015-nji ýyldan bäri 1 amerikan dollaryna 3.5 manat derejesinde saklanýan resmi kursdan tapawutlylykda amerikan walýutasy gara bazarda bäş esse gymmat satylýar. 


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net