ABŞ-nyň harby serkerdesi amerikan goşunlary güýçlendirilenden soň Eýranyň yza tesendigini aýdýar
General Frank MakKenzie 6-njy iýunda Tähran görnetin hüjüm taýýarlyklaryndan soňra “yza çekilmek we täzeden hasaplamak” ugruny saýlap aldy diýdi.
Emma ol özüniň şindi hem Eýranyň mümkin bolan argessiýasyndan alada galýandygyny aýtdy.
"Men hakykatda bu howp azalandyr öýtmeýärin. Men bu howpuň örän hakykydygyna ynanýaryn” diýip, MakKenzie Bagdatda, bu sebite sapary mahalynda özüniň ýanynda bolan üç žurnalist bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesiniň başlygy MakKenzie, Eýrandan abanýan howp-hatarlara garşy goragy güýçlendirmek üçin, bu sebite ABŞ-nyň goşmaça güýçleriniň getirilmek ähtimallygyny hem aradan aýyrmady.