Rus ykdysadyýetiniň aladaly ýagdaýynda Sankt-Peterburgda Halkara ykdysadyýet forumy açyldy
Putin üç günlük forumyň gapdalyndan şu gün giçlik bolgar prezidenti Rumen Radew, slowak premýer-ministri Peter Pellegrini, Ereminstantň premýer-ministri Nikol Paşinian bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş Putine we beýleki daşary ýurt liderlerine forumyň plenar sessiýasynda, 7-nji iýunda goşular.
ABŞ resmileri bu forumda kän görünmeýär, ABŞ-nyň esasy korporasiýalarynyň ýokary ýolbaşçylary hem ondan daşrakda durýarlar.
ABŞ-nyň ilçisi Jon Huntsman we amerikan resmileri, esasan tanymal amerikan maýadary Maýkl Kelwiýiň (Michael Calvey) Orsýet tarapyndan fewralda tussag edilmegi bilen baglylykda,Sankt-Peterburg forumyny boýkot edýärler.
Bu forum 1997-nji ýylda döredildi we 2006-njy ýyldan bäri rus prezidentiniň diwany tarapyndan gurnalýar. Geçen ýyl bu foruma 17 müňden gowrak adam gatnaşdy. Bu ýyldaky forum Orsýetiň ykdysadyýetindäki aladaly ýagdaýlaryň arasyna gabat geldi.