Bosniýanyň Bosgunlar merkezinde turan ýangynda azyndan 32 adam ýaralandy
Welika Kladuse merkezindäki ýangyn irki sagatlarda, günbatar Ýewropa barýan 500 çemesi migrantyň, Balkan ýurdunda saklanyp galan adamlaryň ýaşaýan ýerinde tutaşdy.
Polisiýanyň sözçüsi Ale Siljdediç ýangyna nahar bişirilýän enjamyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýar.
Ol 13 ýaralynyň hassahanada bejergi alýandygyny, ýangyny öçürmek üçin birnäçe sagadyň gerek bolandygyny hem sözüne goşdy.