Gazagystandaky etniki çaknyşyklardan soň ýüzlerçe adam Gyrgyzystana gaçdy
Gazagystanyň günortasyndaky Žambyl sebitinde 8-nji fewralda, gije dörän çaknyşyklar bu regionda soňky ýyllarda görlen iň erbet etniki zorluk bolup, ýüzlerçe adamyň goňşy Gyrgyzystana gaçmagyna getirdi. Etniki gazaklary asly hytaýly musulman azlyk bolan dunganlara garşy goýan zorlugyň nämeden uç alandygy häzirlikçe mälim däl. Dunganlar çaknyşyklarda iň agyr zyýan çeken Masançi obasy dunganlaryň köplükde ýaşaýan ýeri bolup durýar. Bu şäherçäniň biznes kärhanalarynyň köpüsi dungan maşgalalaryna degişli. Читать дальше...