“Talybanyň” başlygy baýram ýaraşygy çagyryşyny ret edýär, ABŞ wekili regiona ugraýar
Birleşen Ştatlaryň wekili Owganystanda uzaga çeken urşy soňlamak tagallalarynyň çäginde, nobatdaky gepleşikler tapgyry üçin sebite ugran wagtynda “Talybanyň” başlygy ýakyn wagtda ýaraşyk baglaşylmak mümkinçiligini ret etdi. Haibatullah Akhundzada 1-nji iýunda Owganystandaky daşary ýurt güýçleriniň “ýeňlişe höküm edilendigini” hem sözüne goşdy. Emma muňa garamazdan, ol yslamçy söweşijileriň Birleşen Ştatlar bilen gepleşikleri dowam etdirjekdigini belledi. “Talybanyň” söweşi we “basyp alyşlyga garşy göreş... Читать дальше...