Halkara ekspert Türkmenistandaky ýagdaýlara iki nukdaýnazardan çemeleşýär
“The Jamestown Foundation” aň-düşünje guramasynyň analisti, şeýle-de düýbi Waşingtonda ýerleşýän Merkezi Aziýa – Kawkaz institutynyň gaýybana ylmy barlagçysy Jon Däliniň (John C. K. Daly) 9-njy iýulda birleşigiň “Eurasia Daily Monitor” neşirinde çap eden makalasynda türkmen ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyna gysgaça syn berilýär.