Eýranda üç şahyr türme tussaglygyna höküm edildi
Reza Khandan Mahabadi, Baktaş Abtin we Kaýwan Bajan “döwlete garşy propogandada” we “milli howpsuzlyga garşy hereket etmekde” günäli tapyldylar. Olaryň her birine alty ýyl türme tussaglygy berildi.
Su diňlenişiginiň apreliň aýagynda geçirilendigi aýdylýar.
Bular ýaly aýyplamalar, adatça, inteligensiýanyň wekillerine we Eýranyň ruhany režimini tankytlaýanlara garşy bildirilýär.
Türmä höküm edilenleriň üçüsi hem Eýranyň Ýazyjylar birleşmesiniň agzalarydyr. Soňky döwür resmiler Birleşmäniň agzalaryny gorkuzyp, türmä basyp, oňa garşy basyşlaryny güýçlendirdiler.