Eýran ýazyjysy jemi 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi
Reza Khandan Mahabadi, Baktaş Abtin we Kayvan Bajan “döwlete garşy propaganda” alyp barmakda, “milli howpsuzlyga garşy hereket etmekde” günäli tapyldy.
Olaryň her birini alty ýyl azatlykdan mahrum etmek hökümi çykaryldy diýip, habarlarda aýdylýar. Olaryň sudy, aýdylmagyna görä, aprel aýynyň aýagynda boldy. Bu hili aýyplamalara daýanýan türme hökümleri Eýranda köplenç intellektuallara we Eýranyň ruhanylar dolandyryşyny tankyt edýän adamlara garşy çykarylýar.
Bu üç ýazyjy Eýranyň Ýazyjylar birleşiginiň agzalary bolup, bu guramanyň agzalary häkimiýetler tarapynda basyş astynda saklanylýar, olar ýygy-ýygydan söhbetdeşlige çagyrylýar, gorkuzylýar we türmä basylýar.
“Sud diňe bu üç ýazyjyny ýazgarmak bilen çäklenmedi. Bu diňe Ýazyjylar birleşiginiň garşysyna geçirilen sud seljerişligi däl. Bu ähli ýazyjylaryň we öz pikirini açyk aýtmak hukugyndan peýdalanmakçy bolýan beýleki adamlaryň ýazgarylmagy boldy” diýip, Halkara galamdaşlar guramasynyň bu höküme garşy çap eden beýanatynda aýdylýar.