Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşgabadyň häkimiýetleri Ýeňiş güni öýsüz itlere garşy göreşdi

9-njy maýda Türkmenistanyň paýtagtynda öýsüz itler awlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, günüň başynda, hususan-da, Görogly (öňki Şewçenko) köçesinde jemagat gulluklarynyň işgärleri birnäçe iti, şol sanda güjükleri tutup äkidipdir. 


"Şu gün Ýeňiş güni, Görogly köçesinde birnäçe iti tutdular, olar ýaňy-ýakynda bu ýerde ornaşypdy we hiç kime päsgel bermeýärdi. Olara iýmit berýärdiler" diýip, habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, tutulan haýwanlary ýörite ulaga salyp, näbelli bir ýere äkidipdirler. 


"Itden itleri tutup äkiden ýörite awtoulagyň nomeri 70-26. Ol ýerde garry itler we güjükler hem bardy" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 9-njy maýda habar berdi. 




Türkmenistanda öýsüz haýwanlary awlamak boýunça resmi çäreler adatça baýramçylyklaryň öňünde janlanýardy, emma şu ýylyň başyndan bäri Aşgabadyň ýaşaýjylary haýwanlaryň yzygiderli häsiýetde awlanmagyna, şol sanda tutulan wagty köpçüligiň içinde öldürilýän pursatlaryna şaýat boldular. 




"Ýaňy-ýakynda Parahat 2/4 etrapçasynda daşara gezmäge çykan gyzgylt reňkli bir pişigi öldürip başladylar. Geçip barýan adamlar gykylyk etseler-de, köçe süpürijiler edýän işini dowam etdirdiler. Öý eýesi olar bilen ýakalaşyp, pişigini ellerinden aldy, emma janawar bir sagatdan öldi. Köçe süpürijiler bolsa polisiýany çagyrdylar. Şeýle-de, köçelerde awy taşlaýarlar, meniň öz itim, awuly azygy iýipdir, zordan halas etdik" diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň ýene biri aşgabatly zenan gürrüň berdi.    


Aşgabatda öýsüz haýwanlaryň jemagat gulluklaryň işgärleri tarapyndan köpçülikleýin öldürilýän wagtynda, sosial ulgamlarynda çap bolýan maglumatlarda şäher ýaşaýjylarynyň, şol sanda çagalaryň haýwanlara rehimsizlik görkezýändigi barada habar berilýär. Türkmenistanda elýeterli IMO ulgamynda çap bolan maglumatlaryň birinde zulum edilen kiçijik pişigiň çagalaryň elinden alnandygy barada habar berilip, onuň suraty ýerleşdirilipdir.       




Beýleki bir maglumatda gözi oýulan we aýaklaryna zeper ýeten güjügiň suraty ýerleşdirilipdir.


Azatlyk Radiosyna bu güjügiň öň halas edilendigi we onuň Kerki şäherinden bolan bir maşgala düşendigi mälim boldy. Aşgabadyň Hitrowka atly böleginde çörek zawodunyň golaýynda iki aý mundan öň tapylan bu itiň ykbaly barada Azatlyk Radiosyna adynyň efirde tutulmagyny islemedik aşgabatly haýwanlary goraýjy aktiwist gürrüň berdi. 


​Türkmenistanyň ýolbaşçylary birnäçe ýylyň dowamynda öýsüz haýwanlaryň meselesini düýpden gozgamandy, habar beriş serişdeleri hem bu problemany agzamandy. 


Emma şu ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň paýtagtynda haýwanlaryň köpçülikleýin ýok edilmeginiň fonunda ýurt baştutany haýwanlar üçin merkezleşdirilen keselhanany we penahanany gurmak planlaryny yglan etdiler. Yzysüre ýurduň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň banky agzalan penahananyň gurluşygy üçin raýatlardan we telekeçilerden pul toplamak işlerine girişdi. 







Aşgabatly haýwanlary goraýjylaryň sözlerine görä, haýwanlar üçin keselhanany we penahany döremek boýunça resmi planlaryň yglan edilmeginden soň öýsüz haýwanlaryň ýagdaýynda  oňyn üýtgeşiklik bolmandyr. 


Türkmenistanly haýwanlary goraýjylar ýurtda bar bolan ýeke-täk penahanadaky aýylganç şertleri we muňa häkimiýetleriň üns bermeýändigini belleýärler. 


"Guruljak penahana öýsüz it-pişikler üçin bolmaz, ol haýwanlar üçin tölegli myhmanhana, wagtlaýyn saklaýyş merkezi we tölegli hassahana bolar. Bu kommersiýa proýektidir" diýip, Aşgabatly haýwanlary goraýjy aktiwistleriň ýene biri aýdýar. 




Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda tutulan diri itleriň alnyp barylýan ýeri, Çoganlydaky penahana kömek etmek isleýän meýletinçiler üçin ýapyklygyna galýar, şol bir wagtda-da onuň içindäki itleriň köpüsi açlykdan heläk bolýar. 


"Meýletinçileri ol ýere goýbermeýärler. Olaryň getirýän azyk önümleri daşarda çüýräp galýar" diýip, Azatlygyň Aşgabatly söhbetdeşleriniň biri 9-njy maýda aýtdy.


Aşgabatly aktiwistler türkmen häkimiýetleriniň öýsüz haýwanlar üçin täze penahanany döretmek planlaryny yglan etmeginiň yzýany Çoganlydaky ýene-täk penahananyň ýapylmagyna we ol ýerdäki haýwanlaryň ýok edilmegine howatyrlanma bildiripdi. 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu  sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net