Türkmen prezidenti daşary ýurtlulary berk hasaba almagy tabşyrdy
Resmi medianyň habar bermegine görä, Berdimuhamedow 25-nji aprelde hökümet maslahatynda migrasiýa gullugynyň ähli gulluklarynyň "Türkmenistana iş we tanyşdyryjy saparlar bilen gelýän daşary ýurt raýatlarynyň berk hasaba alynmagyna" gönükdirilmelidigini belläpdir.
Türkmen prezidenti dürli ýurtlardan bolan myhmanlaryň migrasion düzgünlerden geçmegi üçin halkara standartlaryna laýyk gelýän şertleri üpjün etmegi, şeýle-de, Milli bedew baýramy bilen bagly dabaralara gatnaşmak üçin ýurda barýan daşary ýurtlylary myhmansöýerlik bilen garşy almak üçin şertleri döretmegi tabşyrypdyr. Türkmenistan bedew baýramyny 27-nji aprelde belleýär.
Türkmenistan syýahatçylygy artdyrmak planlaryny yglan edýärkä, dünýäniň syýahatçylyk üçin iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar.