Türkmenistanda uruş weteranlaryna we wepat bolanlaryň maşgalalaryna sowgat berler
Gurbanguly Berdimuhamedow karara gol çekip, welaýatlaryň, şäherleriň, we etraplaryň häkimliklerine 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunyň 74-nji ýyl dönümi mynasybetli Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna, şeýle-de wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna pul we gymmatly sowgatlary bermegi tabşyrdy diýip, TDH döwlet habar agentliginiň maglumatynda aýdylýar.
Resmi maglumatda weteranlara beriljek puluň we beýleki sowgatlaryň möçberi anyklaşdyrylmady. Geçen ýyl Türkmenistanda uruş weteranlaryna 200 manat pul sowgatlary gowşurylypdy.
Türkmenistanda uruş weteranlarynyň sanyna degişli statistika maglumatlary elýeterli däl.
Geçen ýylda weteranlaryň sylaglanyşy barada döwlet telewideniýesinde görkezilen reportažda onlarça uruş weterany görkezilipdi.