Tatarstanyň prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana barýar
Tatarstanyň media maglumatlaryna görä, Minnihanowyň Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşmagy planlaşdyrylýar.
"Tatarstanyň prezidentiniň Türkmenistanyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy planlaşdyryldy. Hyzmatdaşlygy ösdürip boljak ugurlary ara alyp maslahat etmek, haryt nomenklaturasynyň möçberini artdyrmak planlaşdyrylýar" diýip media serişdeleri Galimowany sitirledi.
Tatarstanyň prezidentiniň metbugat wekiliniň sözlerine görä, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň we Tatarstanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 23,9 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr.
Türkmenistan Tatarstanda öndürilýän "Kamaz" ýük ulaglarynyň esasy hyrydarlarynyň biridir. Soňky on ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistan bu ulaglaryň 9000 çemesini edindi.