Polşa we Belarus Orsýetiň nebitini kabul etmegini togtatdylar
Polşa we Belarus sowet döwründen galan "Družba" turbasy arkaly Orsýetiň nebitni kabul etmegini togtadyp, polşaly we günbatarly alyjylaryň orsýet çyg malynyň hapalygy we hiliniň ýaramazlygy sebäpli ony almandygyny aýtdylar.
19-njy aprelde Belarus "Družba" turbasy arkaly Orsýetden gelýän nebitiň hiliniň çürt-kesik ýaramazlaşandygyny yglan etdi we nebitiň hapalanmagynyň çeşmesiniň Orsýetiň giňişligindäki Samara-Uneça böleginde tapylandygyny mälim etdi.
Turbanyň belarusly operatory "Gomeltransneft Družba" nebitiň akdyrylmagynyň togtadylmagyny "kesgitsiz" diýip atlandyrdy.
25-nji aprelde "Gomeltransneft Družba" Orsýetiň nebitini Çehiýa, Slowakiýa we Wengriýa Ukrainanyň üstünden geçýän bölegi arkaly akdyrmagyny dowam etdirýändigini aýtdy.
Nebitiň Polşanyň üstünden akdyrylmagynyň kesilmegi onuň "Družba" turbasy arkaly esasy hyrydarlarynyň Polşadaky we Germaniýadaky nebit kärhanalarynyň, şol sanda Total, Shell, BP, we Rosneft kompaniýalaryna degişli Polşanyň PKN Orlen we Germaniýadaky edaralara mundan beýläk barmajagyny aňladýar.
Günbatarly nebit hyrydarlarynyň 25-nji aprelde Reuters agentligine aýtmagyna görä, nebitiň akdyrylmagynyň orsýetli üpjünçilerine garşy kanun esasyndaky talaplaryň öňe sürülmegine getirip biler. Olar öz tarapyndan Transneft kompaniýasyndan kompensasiýany talap ederler.
"Družba" dünýäde iň uzyn we uly nebit geçirijisi hasaplanýar.