Türkmen prezidenti Bedew baýramynda şäheriň 'göreldeli' bolmagyny tabşyrdy
Bedew baýramy ýekşenbe güni 27-nji aprelde geçiriler.
Her ýyl aprel aýynyň aýagynda bellenýän Bedew baýramy 2018-nji ýylda ilkinji gezek “milli” baýram hökmünde bellendi. Atlar barada birnäçe kitabyň awtory prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baýramyň adyny üýtgetmek, ony “Türkmen bedewiniň milli baýramy” diýip atlandyrmak hakyndaky ýörite karara gol çekdi.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary şäherleriň arassaçylygyna aýratyn üns berýärler. Köçe süpürmek işlerine döwlet edara-kärhanalaryň işgärleri we okuw jaýlarynyň okuwçylary ýyllarboýy yzygiderli häsiýetde köpçülikleýin çekilýär.
Prezidentiň arassaçylygy üpjün etmek baradaky täze tabşyrygy Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki ýerleriniň ençemesinde weýrançylykly sil-ýagynyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.