Kabulyň merkezinde Aragatnaşyk ministrligine hüjüm edilip, ýedi adam öldürildi
20-nji aprelde Kabulyň merkezindäki Aragatnaşyk ministrligine hüjüm edilende azyndan ýedi adam öldürildi diýip, owgan resmiler aýtdylar.
Günortana golaý, şäheriň iň bir meşgul künjekleriniň birinde ýerleşýän ministrligiň daş işiginde bolan partlamanyň we şondan soň turan atyşyklaryň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.
Polisiýanyň başlygy, general Saýed Mohammad Roşandil bombaçynyň ministrligiň girelgesinde özüni partladandygyny we beýleki hüjümçiler üçin Kabulyň merkezinde berk goralýan howlynyň içine girmek üçin ýol arçandygyny aýtdy.
Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasart Rahimi birnäçe sagada çeken hüjüm wagtynda asuda ilatdan 4 adamyň we üç esgeriň öldürilendigini aýtdy. Asuda adamlardan sekizisi ýaralandy, hüjümçileriň dördüsi hem howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi diýip, Rahimi sözüniň üstüni ýetirdi.