Türkmen, türk we azeri resmileri Stambulda enegriýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy
Türkiýeden bu duşuşyga energiýa we tebigy serişdeler ministri Fatih Donmez, Azerbaýjandan energiýa ministri Parwiz Şahbazow, Türkmenistandan “Türkmenekologiýa” döwlet konserniniň başlygy Şahym Abdyrahmanow gatnaşdy.
Neşiriň maglumatyna görä, duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli meseleler, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlary we geljekdäki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Parwiz Şahbazow bilen Fatih Donmeziň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk hem geçirildi.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň Orsýete üçýyl arakesmeden soň, gaýtadan gaz iberip başlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Aşgabat energiýa bahalarynyň global arzanlamasyndan soň, esasy iki gaz alyjysynyň biri Orsýeti ýitirmek bilen daşary ýurt kompaniýalaryna bergili bolup, sud şikaýatlaryna sezewar boldy.