Owganystan “Talyban” bilen gepleşiklere 250 delegaty ýollajakdygyny aýdýar
“[19-21-nji aprel aralygynda geçiriljek] Dohadaky konferensiýa gatnaşjak owgan hökümetiniň, şol sanda syýasy partiýalaryň, garaşsyz syýasy wekilleriň, şeýle-de owgan jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etjek şahsyýetleriň sanawy şu gün tamamlandy” diýip, owgan prezidenti Aşraf Ganiniň metbugat wekili mälim etdi.
Emma, “Talyban” bu şahsyýetleriň ýazmaça we dil üsti bilen konferensiýa owgan hökümetiniň resmi agzalary däl-de, eýse garaşsyz wekiller hökmünde gatnaşjakdyklaryny belli edenlerinden soň, konferensiýa goýberiljekdiklerini aýtdy.