Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Tramp bilen üçünji sammit üçin hem açykdygyny aýdýar
"Biz Birleşen Ştatlaryň batyrgaý karar bilen gelmegine ýylyň aýagyna çenli sabyr-kanagat bilen garaşarys” diýip, Kim Koreýanyň Merkezi habar agentligi tarapyndan sitirlendi.
Neşiriň maglumatyna görä, Kim Tramp bilen fewralda geçiren sammitiniň netijesiz gutarmagyna, öz häsiýetlendirmegi boýunça, Birleşen Ştatlaryň bir taraply talaplarynyň sebäp bolandygyny, munuň Waşington hakykatdanam gatnaşyklary gowulaşdyrmak isleýärmikä diýen soragy döredndigini aýtdy.
Emma Kim amerikan prezidenti bilen şahsy gatnaşyklarynyň gowy bolmagynda galýandygyny, özleriniň “islendik wagtda” hat alşyp bilýändigini hem sözüne goşdy.
Prezident Tramp 11-nji aprelde Waşingtonda Günorta Koreýanyň prezidenti Moon bilen duşuşanda özüniň Kim bilen üçünji sammite hem höwesekdigini, emma Waşingtonyň Phenýana garşy sanksiýalary ornunda galdyrjakdygyny aýtdy.