Pakistan hüjüminde 20 adam öldi, jogapkärçiligi “Talyban” öz üstüne aldy
Polisiýanyň başlygy Abdur Razzaq Çeema Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugyna partlaýjydan doldurylan awtoulagyň Gök bazarynda goýlandygyny aýtdy.
Ölenleriň arasynda iki çaga hem bar, ýedi adam hasshana ýerleşdirildi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Hüjüm şaýylaryň hazara etniki azlygyny nyşana alana meňzeýär diýip, Çeema aýtdy.
Biraz soň Pakistan “Talybany” diýip bilinýän Kari Hussain güýçleri bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.