Ysraýyldaky umumy saýlawlarda Netanýahuyň Likud partiýasy ýeňiji boldy
Knessetiň, ysarýyl parlamentiniň websaýty 10-njy aprelde 95 prosent sanalan sesleriň resmi netijelerini çap etdi we ol Likudyň we beýleki sag-ganat partiýalaryň 120 orunly parlamentde 65-den 67-ä çenli ýer alandygyny görkezýär.
Mundan başga, Netanýahuyň esasy garşydaşy Benni Gantzyň Gök we Ak partiýasy bilen deňeçer gidişen hem bolsa, Likud iň kän ses aljak partiýa bolup görünýär.
Likudyň parlament orunlarynyň 38-sini, Gök we Ak partiýasynyň bolsa 35-isini aljagy çaklanýar.