Rus resmisi Tokýadaky oýunlarda boksy saklap galmak üçin $16 million teklip edýär
Halkara boks assosiasiýasynyň (AIBA) ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Umar Kremlew bu baradaky teklibini Halkara Olimpiýa Komitetiniň (IOC) resmilerine iberen hatynda mälim etdi. Bu hat 28-nji martda köpçülige ýetirildi. Halkara Olimpiýa Komitetiniň (IOC) bu resmileri Halkara boks assosiasiýasyna garşy gönükdirilen aýyplamalary derňeýärler.
Düýbi Şweýsariýada ýerleşýän Halkara boks assosiasiýasy (AIBA) höwesjeň boksçylaryň dolandyryjy edarasydyr. Ol öň “Association Internationale de Boxe Amateur” ady bilen hem tanalýardy.
Halkara boks assosiasiýasynyň prezidentligine dalaş etmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim eden Kremlew “Halaýan sporty Olimpiýa programmasynda saklanyp galsa, onda AIBA-nyň karzyny doly görnüşinde özüniň tölemäge taýýardygyny” aýtdy.
Tokýoda geçiriljek olimpiýa oýunlaryna Halkara boks assosiasiýasynyň gatnaşjakdygy ýa-da gatnaşmajakdygy baradaky soňky netijäniň 22-nji maýda mälim edilmegine garaşylýar.