Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Miller Aşgabatda 'energetika aragatnaşyk meselelerini' maslahat etdi

Orsýetiň "Gazprom" kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller 27-nji martda Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedow bilen duşuşdy we "energetika aragatnaşygy meselelerini" maslahat etdi. 


Synçylar Milleriň Türkmenistana ýygy-ýygydan gatnap başlandygyny dessine bellediler. Onuň häzirki sapary Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň perspektiwalaryna degişli meseläniň aktiw gozgalmagyna gabat geldi. 


Ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň resmi topary Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burianyň baştutanlygynda Aşgabada baryp, energetika boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahat edipdi. Hyzmatdaşlygyň esasy maksady Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygyndan ybarat. 


​Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet mediasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan gutlag hatyny çap etdiler. Tramp Nowruz sebäpli ýollanan hatynda "Türkmenistanyň ýaňy-ýakynda Hazar deňziniň kanuny statusynyň kesgitlenmegi bilen baglylykda gazy Günbatara eksport etmek boýunça täze mümkinçiliklerden peýdalanyp biljegine" umyt baglapdy.  







 


Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmesiniň aýtmagyna görä, Trampyň türkmen prezidentine Trans-Hazar barada bildiren umydy Aşgabadyň özüni-de oýlandyrypdyr. 


"Biziňkiler muňa signal hökmünde düşündiler, TOPH-dan ýüz öwrüp, Trans-Hazar we Ýewropa tarapyna turbalar bilen meşgullanmaly diýip. Muňa aňk-taňk boldular" diýip, çeşmämiz aýtdy. 


Ýatlatsak, Orsýetiň türkmen gazyny gaýtadan satyn almagynyň ähtimallygynyň yglan edilmegi 2018-nji ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň kanuny statusy barada konwensiýanyň kabul edilmeginiň yzýanyna gabat gelipdi. Konwensiýa Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygyna we türkmen gazynyň Ýewropanyň bazarlaryna çykarylmagyna ýol açýar. 


Emma Berdimuhamedowyň hökümeti geçmişde Trans-Hazar gaz geçirijisine gezek gelende öz abraýyny artdyrmak üçin adatça pursady elden bermedik hem bolsa, bu sapar ony ýatdan çykaran ýaly boldy. 


Prezident Berdimuhamedowyň özi we onuň gözegçiligindäki döwlet habar çeşmeleri bu meseläni agzamazlyga çalyşdylar.







 


 


Şonda 2018-nji ýylyň oktýabrynda "Gazpromyň" başlygy Alekseý Miller Aşgabada bardy we türkmen gazyny 2019-njy ýylyň başyndan satyn almagy wada berip gaýdypdy.


Şeýle-de, oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň baştutanlygyndaky resmi topary Brussele bardy. Türkmen metbugaty Ýewropa Bileleşiginiň türkmen gazyna çynlakaý gyzyklanma bildirýändigini habar berdiler. 


Yzysüre Alekseý Miller ýene-de Aşgabada bardy we türkmen metbugatynyň "Gazpromyň" tiz wagtda türkmen gazyny gaýtadan satyn alyp başlamagy baradaky maglumatlary Trans-Hazar baradaky makalalaryň ýerini tutdy. Taraplaryň tas ylalaşandygy aýdyldy.


Emma 2019-njy ýyl başlandy, emma Orsýet türkmen gazyny satyn alyp başlamady.


"Gazpromyň" Aşgabada eden häzirki sapary-da Trans-Hazar gaz geçirijisiniň maslahat edilmegine we türkmen metbugatynda bellenişi ýaly türkmen gazynyň Günbatara akdyrylmagyna ABŞ-nyň goldaw bildiren pursadyna gabat geldi. 




      


Prezident Berdimuhamedowyň Miller bilen geçiren gepleşiginiň mazmunynyň jikme-jikleri mälim edilmedi. 


"Gazpromyň" we türkmen metbugatynyň öz maglumatlarynda taraplaryň "özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge" taýýardygyny tassyklandygy barada umumy sözler bilen çäklenilmegine garamazdan, "Gazpromyň" türkmen gazyny satyn almagyna degişli esasy meseläniň açyk galan bolmagyna meňzeýär. 


Orsýetiň media serişdeleri türkmen gazynyň tiz wagtda gaýtadan satyn alynyp başlanjagy barada näme üçindir, türkmen metbugatyna salgylanyp, habar berdiler.


Orsýetiň "Gazprom" kompaniýasy 2016-njy ýylda türkmen gazyny satyn almagyny bes edipdi. Mundan öň taraplaryň arasynda gazyň nyrhyna degişli dawa döräpdi. Taraplar bir-birini özara şertnamasynyň şertlerini berjaý etmezlikde aýyplapdy. 




"Gazprom" "Türkmengaz" bilen şertnamany ýatyrýandygyny aýdyp, çeken zyýanynyň öwezini dolmagy talap etdi we Stokgolmyň arbitraž suduna ýüz tutup, Türkmenistandan satyn alan gazynyň nyrhyna gaýtadan seretmegi we 5 milliard dollar möçberinde aşa tölän puluny gaýdyp bermegi talap etdi. 


Türkmenistan "Gazpromyň" akdyrylan gaz üçin 2015-nji ýyldan başlap tölemändigini öňe sürdi. Şonda Türkmenistanyň nebit-gaz ministrligi "Gazpromyň" tölemäge ukypsyzlygyna "dowam edýän global ykdysady krizisiň we günbatar ýurtlarynyň Orsýete garşy girizen sanksiýalarynyň" sebäp bolandygyny öňe sürdi.        


Orsýet uzak wagtlap Türkmenistanyň esasy gaz hyrydary bolupdy. Türkmen gazynyň başda Orsýete, soň 2017-nji ýylda Eýrana akdyrylmagynyň bes edilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetine zarba urdy. Häzirki wagtda diňe Hytaýa gaz satýan Türkmenistan agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär.

Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net