Täjigistanda öldürilen tigirçiniň ejesi maliýe kompensasiýasyny talap edýär
Jaý Austiniň ejesi Jea Santowaskonyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, onuň özi, şeýle-de onuň Nýu-Jerseý ştatynyň bir resmisi Täjigistanyň ABŞ-daky ilçisi bilen duşuşyp, öz meýillerini mälim edipdirler.
Santowasko Täjigistandan talap edýän maliýe kompensasiýasynyň mukdary barada hiç zat aýtmady.
Austin geçen ýylyň 29-njy iýulynda Täjigistanda öldürilen daşary ýurtly dört tigirçiniň biridi.
Hüjümde Austinden başga-da onuň hallaşýan gyzy, ABŞ-nyň raýaty Lauren Geoghegan, bir gollandiýaly we bir şwesiýaly erkek kişi öldürilipdi.