Pentagon INF şertnamasynyň gadagan eden raketalarynyň synagyny geçirmekçi bolýar
“Biz awgustda ýerden atylýan ganatly raketlaryň synaglaryny geçirmekçi” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ABŞ-nyň ýokary derejeli harby resmisi Reuters gullugyna maglumat berdi.
Mundan öň, Waşington we NATO Moskwany öz 9M729 ganatly raketasyny (SSC-8 diýip hem bilinýär) gurup, 1987-nji ýylda baglaşylan şertnamanyň düzgünlerini bozmakda gaýta-gaýta aýyplap, fewral aýynda ondan çykypdy.
Aýyplamalary inkär edýän Russiýa hem INF şertnamasyndan çykdy.
Bu ylalaşyk iki ýurduň hem gury ýer ganatly raketalaryny atyjysyny ýa-da 500 we 5,500 kilometr aralygyna ýetýän ballistik raketalary işläp düzmegini we edinmegini gadagan edýärdi.
Awgustda synagdan geçmeli raketanyň 1 müň kilometr aralygyna ýetmek mümkinçiligi bar. Eger-de, synag üstünlikli geçse, onda raketanyň 18 aýyň dowamynda harby güýçleriň düzümine ýerleşdirilip başlanmagy mümkin diýip, anonim resmi maglumat berdi.