ABŞ kanunçykaryjylary Nemtsowyň ölümi boýunça Kremli tankytlaýan rezolýusiýany kabul etdiler
Wekiller öýi durmuşa geçirilmegi zerur bolmadyk rezolýusiýany sesleriň 416-1 gatnaşygy bilen kabul etdi.
“Bu rezolýusiýa Kremliň özüniň syýasy garşydaşlaryny yzarlamagyny ýazgarýar, şeýle-de administrasiýasyny Nemtsowyň ölümine sebäpkärlere we muny güp-basty edenlere garşy sanksiýalary girizmäge çagyrýar” diýip, ses berilişigiň öňüsyrasy Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiň öňdebaryjy agzasy Eliot Engel çykyş etdi.
Ozalky wise-premýer we Putiniň garşydaşy Nemtsow 2015-nji ýylda Kremliň golaýyndaky köpriniň üstünde atylyp öldürilipdi.
Nemtsowyň ölümi bilen baglylykda, 2017-nji ýylda çeçenistanly bäş adam günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edilipdi. Emma, Nemtsowyň ýakynlary we tarapdarlary rus resmilerini hüjümiň arkasynda duranlary ýaşyrmakda aýyplap gelýärler.