Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşgabatly alyjylar geçmeýän harytlary satyn almaga mejbur bolýarlar

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda ýumurtga we şeker ýaly gyt azyk önümleriniň ýany bilen geçmeýän harytlar goşulyp satylýar. 


Häzir alyjylar tarapyndan her biri 33 teňňelik ýumurtga we bir kilogramy 7 manatlyk şekere uly isleg göze ilýär. Bu önümleri agzalan bahadan diňe döwlet dükanlarynda, şeýle-de bazarlarda resmi gözegçiligindäki söwda nokatlarynda satyn alyp bolýar.


Döwlet bahasyndan ýumurtgany satyn almak üçin alyjylar gazly suwy, kökeleri we süýji mekge ýaly önümleri satyn almaly bolýarlar.  




"Ýumurtga "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" atly söwda merkezinde satylýar, oňa il içinde optowka diýilýär. Bu ýerdäki söwda nokatlarynda her ele 4 manatdan 12 sany ýumurtgany satýarlar. Emma onuň ýany bilen köp satyn alynmaýan önümleri we azyklary, ýagny çüýşeli suwy, süýji gazly suwy, gaby uly bolmadyk kökeleri ýa-da wafli, şeýle-de sellofan paketleri goşmaça satýarlar. "100 fontan" bazarynda 15 ýumurtgany 5 manada satýarlar, bu ýerde-de gapdalyndan goşmaça haryt almaly" diýip, habarçymyz 24-nji fewralda Aşgabatdan habar berdi.


Onuň sözlerine görä, paýtagtda ýumurtganyň goşmaça haryt goşulmazdan satylýan köp bolmadyk ýerler hem bar. Hususan-da, şeýle dükanlar 9-njy we 11-nji mikroraýonlarda ýerleşýär.  


"Emma köp ýerde goşýarlar. Meselem, Parahat - 2/4 etrapçasynda 4 manada 12 ýumurtga däl-de, 11 sany ýumurtga satylýar. Emma adamlar açyk şikaýat etmeýärler, irden alyp bilenine begenýärler. Sebäbi hususy dükanlarda ýumurtga her biri 50-70 teňňeden satylýar. 




Türkmenistanda ilat tarapyndan köp satyn alynýan harytlaryň biri - şekeriň söwdasy hem çäklendirmeler bilen amala aşyrylýar. 


"Köplenç 7 manatlyk şeker irden satylýar, käbir ýerlerde her adama 2 kilogramdan, emma köplenç bir kileden. Köplenç bolmalysyndan az çekýärler. "100 fontan" bazarynda bir kilogram şekeriň gapdalyndan bahasy 1 manatlyk arpa ýarmasynyň üç gabyny goşup satýarlar. Ähli ýerde bir kilogramy 9 ýa-da 10 manatlyk gant satylýar. Emma şekere isleg has köp bolýar" diýip, habarçymyz belleýär. 


Şeýle-de onuň habar bermegine görä, towuk buduny lomaý satyn alýan alyjylara goşmaça tutuş towugy hem satyn almak hödürlenýär.


"Towuk buduny 15 kilogramlyk tutuş gaby bilen satýarlar 120 manada. Emma onuň ýany bilen 13 manatdan iki sany towugy satyn almaly. Kileläp satmaýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.


Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, nägile bolýan käbir alyjylar Söwda ministrligine ýüz tutupdyr, emma olara işgärleriň işiniň köpdügini aýdyp, soraga jogap berilmändir.


Azatlyk Radiosynyň Söwda ministrliginden kommentariý almak synanyşygy hem netije bermedi.




Türkmenistanda towuk ýumurtgasynyň gytçylygy geçen ýylyň aýagynda ýüze çykypdy. Dekabryň dowamynda ýumurtga ençeme gezek satuwdan aýryldy, satylan wagtynda uly nobatlar we çäklendirmeler döredi. Dekabryň aýagynda Aşgabatda ýumurtga söwdasy polisiýanyň gözegçiliginde amala aşyryldy. Gytçylygyň fonunda Söwda ministrligi ýurtda 2 million töweregi towuk ýumurtgasynyň bardygyny aýdyp, resmi hasabat berdi. 


Azatlygyň habarçylary häzirki wagtda Türkmenistanyň günbatarynda Türkmenbaşy şäherinde ýumurtganyň her biriniň 33 teňňeden tapdyrmaýandygyny habar berýärler. 


"Awaza söwda merkezinde 30 ýumurtgaly gutyny 33 manatdan satýarlar. "A-Marketde" 18 manatdan. Bu ýerde harytlar adatça has arzan satylýar. Bazarda 30 ýumurtga 30 manada durýar" diýip, habarçymyz 25-nji fewralda habar berdi.


Türkmenistanda geçmeýän harytlaryň gyt önümleriniň ýany bilen goşulyp satylmagy giňden ulanylýar.  


Şeýle-de ýurduň söwda nokatlarynda "goşa nyrhlaryň" ulanylmagy dowam etdirilýär, ýagny harytlaryň ýüzünde görkezilen nyrh, harydyň satylýan bahasyndan has kem görkezilýär. 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net