Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Deslapky netijelere görä, Moldowada geçen parlament saýlawlarynda köplük orny gazanan partiýa ýok

Deslapky netijeleriň görkezmegine görä, Moldowada geçen parlament saýlawlarynda köplük orny gazanan partiýa ýok. Ýewropa Bileleşigine integrirlenmek ýa Moskwa bilen ýakyn gatnaşyk saklamak baradaky dalaş bolsa besdeş syýasy güýçleriň arasynda dowam edýär.


Orsýetçi “Sosiýalistik” partiýa indiki parlamentde orunlaryň köplügini gazanmaga taýýarlanypdy. Onuň yzyny yzarlanlar hem halky Günbatar bilen ýakyn gatnaşyga çagyran häkimiýet başyndaky demokratlar, şeýle hem korrupsiýa garşy şygarlar bilen dalaşa giren we Ýewropa Bileleşigi koalisiýasyndan taradarlyk edýän “ACUM” bolar diýlip çaklanypdy.


24-nji fewralda geçen ses berişlik täze saýlaw düzgünine laýyklykda geçdi. Bu düzgün boýunça 101 orunly parlamentiň 50 orny partiýa sanawlarynyň üsti bilen, 51 orun hem kandidatlaryň arasyndaky ikiçäk dalaş esasynda saýlanýar.


Saýlaw netijeleri yglan edileninden soňra indiki parlament 45 günüň içinde hökümet koalisiýasyny düzüp bilmese, prezident parlamenti dargadyp, täze saýlawlary yglan eder.


Moldowanyň prezidenti bolmazdan öň “Sosialistik” partiýa ýolbaşçylyk eden Igor Dodon 24-nji fewralda “öňümizdäki birnäçe aýyň içinde irki saýlawlara gidilmegi mümkin” diýdi.


25-nji fewralda sesleriň tas hemmesi sanalansoň Merkezi saýlaw komissiýasy partiýa sanawyndaky ses berişlikde “Sosiýalistik” partiýanyň sesleriň aglaba köplügini alandygyny aýtdy. Ikinji orunda “ACUM” durýar.


Deslapky netijeler boýunça, tutuşlygyna alanyňda, sosiýalistler indiki parlamentiň 34 ornuny, demokratlar 31, “ACUM” 26, konserwatiw “Şor” partiýasy hem ýedi ornuny gazanypdyr. 


Merkezi saýlaw komissiýasy ses berişlikde saldamly hadysalaryň bolmandygyny aýtsa-da, orsýetçi şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň tarapyny çalýan güýçler häkimiýet başyndaky demokratlaryň güýçli aldawlara ýüz urandygyny aýtdylar.


Ses berişlik tamamlananyndan soňra “ACUM” koalisiýasynyň ýolbaşçysy Maýa Sandu saýlaw “ne erkin, ne adalatly, ne-de demokratik” ýagdaýda geçdi diýdi.


Ol soňra hem: “Bu Moldowanyň taryhynda ýurtda geçen demokratik häsiýeti iň az saýlaw boldy” dýip sözüniň üstüne goşdy.


Merkezi saýlaw komissiýasynyň bildirmegine görä, saýlawa ses bermäge hukukly ilatyň 49 prosentden goragy gatnaşypdyr.


Ses berijiler Dorotkaýa we Koşnita obarynda saýlaw merkezleriniň daşynda uzyn nobatlar gurdular. Bu obalar Moldowanyň separatistik ors dilli regiony Pridnesteriň serhetinde ýerleşýär.


Ses bermäge gelenlerň käbiri Azat Ýewropa we Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Pridnestrden - bu ýerde saýlaw geçirilenok- ýörite awtobuslar bilen getirilendiklerini we özlerine ses berenlerinden soňra 50 leý bilen 150 leý (3 dollar bilen 9 dollar) aralygynda pul wada edilendigini aýtdylar.


Hem sosýalistler hem-de demokratlar birek-biregi ses satynda almakda aýypladylar. Saýlaw häkimiýetleri bolsa bu meselä garajakdyklaryny aýtdylar.


“Demokratik”partiýanyň başlygynyň orunbasary Wladimiz Çebotar “bidüzgünçilikleriň” bolandygyny boýun alyp, “ýöne bular ses berişlik prosesine täsir etmez” diýdi. Premýer-ministr Pawel Filip bilen parlamentiň spikeri Andian Kandu bolsa “açyk, erkin we demokratik saýlaw prosesini” tarypladylar.


Demokrat Filip ses bereninden soňra şeýle diýdi: “Men Moldowanyň geljegine ynanýaryn. Biz reformalary we ähli sosiýal programmalary dowam etdirmäge taýyn. Bularyň amala aşyrylmagy moldowanlaryň durmuşyny gowulyga tarap üýtgeder” diýdi.


Saýlawlara gözegçi hökmünde 38 ýurtdan 340 adam hasaba alyndy.Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bolsa saýlaw baradaky hasabatyny 25-nji fewralda ile ýetirer.


3.6 million ilatly öňki sowet respublikasy 2015-nji ýylda bank sistemasyndan takmynan bir milliard dollaryň – ýuruduň jemi içerki önüminiň 12 prosent çemesi – gürüm-jürüm bolup, ýurdy syýasy we ykdysady krizise batyranyndan soňra üç gezek hökümetli boldy.


Dodon Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň berk tarapdary we ýarany hasaplanýar. Ol Putin bilen gürleşmek üçin Moskwa gitdi.


Dodon dekabrda “Orsýetiň ýolbaşçysynyň açyklygyny” we onuň Orsýet bilen Moldowanyň arasyndaky strategik ýaranlyga bolan “uly gyzyklanmasyny” taryplady.


Moldowanyň sarp edýän tebigy gazynyň 95 prosentini Orsýet üpjün edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň öwran-öwran çekilmegine çagyrmagyna garamazdan Orsýetiň Pridnestrde esgerleri bar.


Ýöne Moldowa 2014-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa ylalaşygyna gol çekeninden soňra Kişinew-Moskwa gatnaşygy ýaramazlaşdy.


Şondan soňra Orsýet Moldowanyň käbir önümlerine gadaganlyk girizdi. Häzirki wagtda Moldowanyň eksport edýän önümleriniň 70 prosenti Ýewropa Bileleşigine gidýär.

Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net