Katardaky gepleşiklere “Talybanyň” syýasy lideri Baradar hem gatnaşar
Kataryň paýtagtynda 25-nji fewralda başlanmagyna garaşylýan gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky 17 ýyllyk urşy tamamlamak we ýurtdan daşary ýurt güýçlerini çykarmak barada maslahat ediljekdigi aýdylýar.
ABŞ-nyň toparyna Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad ýolbaşçylyk eder.
Mundan öň, “Talybanyň” liderleri özleriniň täze syýasy ýolbaşçysy Baradaryň, syýahat etmek üçin dokumentleri almakda kynçylyk çekýändigi sebäpli, gepleşiklere gatnaşmajakdygyny aýdypdylar. Mundanam başga, Baradaryň gepleşiklerdäki roly barada hem “Talybanyň” liderleriniň arasynda dürli garaýyşlaryň bardygy bellenilýär.
Baradar geçen oktýabrda Pakistanyň türmesinden boşadylypdy.