Hindistanda bikanun öndürilen alkogolly içgiden ölen adamlaryň sany 133 boldy
Hindistanda alkogolly içgileri içip, heläk bolýan adamlaryň sany azalmaýar. Iki hepdeden hem az wagt öň demirgazyk Hindistanda 100-den gowrak adam zaýalanan alkogolly içgiden heläk boldy.
Polisiýa resmisi Mukeş Agarwal ýaramaz hilli alkogolyň pidalarynyň köpüsiniň Golaghat we Jorhat etraplaryndaky çaý plantasiýalarynyň işgärleri bolup durýar, Assam Hindistanyň iň uly çaý öndüriji ştatydyr.
Agarwal bu iş bilen baglylykda onlarça adamyň tussag edilendigini aýtdy. Derňew dowam edýär.
Hindistanda ýerli şertlerde öndürilýän alkogolly içgilerden ölýän adam kän, sebäbi köp adam düzüwli şertlerde öndürilen içgileri satyn alyp bilmeýär.
Günbatar Bengalda 2011-nji ýylda alkogolly içgiden 172 adam öldi.