Eýranyň prezidentiniň dogany sud edilýär
Hossein Fereidoun we onuň dört egindeşi 19-njy fewralda başlanan sud diňlenişigine getirildi diýip, “Mizan” habar websaýty habar berdi.
Neşiriň maglumatyna görä, döwlet garalawçysy sud diňlenişigi mahalynda olara bildirilýän aýyplamalary okady. Emma habarda hiç bir jikme-jiklik aýdylmaýar.
Fereidoun we onuň dogany birmeňzeş familiýany götermeýär, sebäbi Rohany öz familiýasyny çalyşdy.
Rohaniniň baş geňeşçisi bolan Fereidoun 2017-nji ýylda korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussag edildi we derrew girew astynda azatlyga goýberildi.
Konserwatiwler maliýe-korrupsiýa aýyplamalarynda aýyplap, Fereidounyň sud edilmegini talap etdiler.