Ozalky gyrgyz resmileriniň korrupsiýa boýunça sud diňlenişigi başlandy
Sud edilýänleriň arasynda öňki premýer-ministrler Sapar Isakow we Jantoro Satybaldiew, uly hökümet we energiýa resmileriniň altysy -- Osmonbek Artykbaeýew, Olga Lawrowa, Aibek Kaliew, Jenishbek Nazarow, Salaidin Awazow weTemirlan Brimkulow dagy bar.
Ýapyk gapylaryň arkasyndaky diňlenişik paýtagt Bişkegiň Swerdlow etrap sudunda geçirildi.
Sud edilýänler korrupsiýa we wezipeden bikanun peýdalanmak aýyplamalarynda, hökümet býujetiniň 111 million dollarynyň ýitirilmeginde, Bişkekegiň Termal elektrik stansiýasynda bolan hadysa sebäpli geçen ýylyň ýanwarynda paýtagtda müňlerçe adamyň ýyladyşsyz galmagyna sebäp bolmakda aýyplanýar.
Elektrik stansiýasyndaky hadysa döwrebaplaşdyrmak işleri resmi tamamlanandan birnäçe aý soň boldy.