Prezident Putin rus maşgalalarynyň ýaşaýyş derejelerini gowulandyrmaga çagyrýar
Putin 20-nji fewralda Orsýetiň iki palataly parlamentine, Federal ýygnaga eden ýüzlenmesinde ýurduň indi öz ösüşine “ägirt uly” serişdeleri maýa ýatyrjakdygyny, olaryň “karz alnan däl, gazanylan” serişdelerdigini aýtdy.
Putin orsýetlileriň ýaşaýyş şertleriniň birnäçe ýyl içinde gowulandyryljakdygyny wada berdi.
Putiniň bu çykyşy dolandyryşynyň 13 ýylynda jemgyýetçilik içindäki goldawynyň öz iň pes derejesine düşen wagtyna gabat geldi. Kreml bilen baglanyşykly barlag institutynyň golaýda geçiren pikir soramalaryna görä,orsýetlileriň bäşden birinden gowragy garyplykda ýaşaýar.
Putin rus syýasatynda 1999-njy ýyldan bäri, ýa prezident, ýa premýer-ministr hökmünde, ýigrimi ýyl bäri agalyk edýär. 66 ýaşyndaky Putin 2018-nji ýylda ýene bir 6 ýyl möhlete gaýtadan prezident saýlandy. Tankytçylar onuň syýasy oppozisiýany we başga pikirlileri basyp ýatyrmak bilen häkimiýete monopoliýany saklap galýandygyny aýdýarlar.