Owganystan “Talybanyň” Pakistana çagyrylmagyna protest bildirýär
“Talybanyň” gepleşige gatnaşyjylary 14-nji fewralda özleriniň Pakistana gidip, dowam edýän owgan parahatçylyk gepleşikleriniň çäginde 18-nji fewralda ABŞ wekilleri bilen duşuşjakdyklaryny, şeýle-de özleriniň, Pakistan-Owgansystan gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak üçin, Pakistanyň premýer-ministri Imran Han bilen görüşjekdiklerini yglan etdiler.
Howpsuzlyk geňeşine iberilen we Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugyna mälim bolan hatda BMG-däki owgan missiýasy “Talyban-Pakistan” hereketiniň “Owganystanyň milli özygtyýarlylygyny bozýandygy” öňe sürülýär.
Owgan hökümeti ABŞ-“Talyban” gepleşiklerinde bolmady we bu ýagdaý Kabulda gahar-gazap döremegine sebäp boldy. “Talyban” Kabuldaky hökümeti günbataryň gurjagy hasaplaýar we şu wagta çenli onuň bilen göni gepleşmekden ýüz öwrüp gelýär.